BIZE YAZYARLAR

Pedagogika ylmynyň we okatmagyň häzirki zaman usulyýetiniň gazananlaryny peýdalanmak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, şanly Hemişelik Bitaraplylygyň 30-njy ýylynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary okuw dersleri boýunça halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere taýýarlamak, olaryň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak wajyp wezipeler bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, orta mekdepleriň okuwçylarynyň okuw derslerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, zehinli
ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikler geçirilýär. Bu bäsleşikleriň çäginde okuw dersleri boýunça taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşikleri hem guralýar.
Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Okuwçylaryň hem-de talyp ýaşlaryň dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän ders we taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryny ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň halkara jemgyýetçiliginde ykrar
edilmegi hökmünde kabul edip bolar» diýip belleýär.
Bäsleşiklerde ýokary netijeleri gazanmak üçin oňa öňünden gowy taýýarlyk görülmelidir. Mugallym zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary bäsleşiklere taýýarlamak üçin okuw sapaklarynda her bir okuwçynyň bilim
derejesini, özbaşdak pikirlenip bilşini, yhlaslylygyny, işjeňligini, erjelligini gowy öwrenmelidir. Okuwçylary bäsleşiklere taýýarlamakda, has zehinli we ukyply çagalary ýüze çykarmakda synpdan daşary işleriň ähmiýeti uludyr. Synpdan daşary işler okuwçylaryň okuw maksatnamasy boýunça alan bilimlerini giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga, edebiýatlar bilen özbaşdak hem-de döredijilikli işlemek başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.
Umumybilim berýän mekdeplerde okuwçylary bäsleşiklere taýýarlamakda okuw-terbiýeçilik işiniň bir görnüşi bolan saýlama okuwlaryň (ugurly ders okuwy, taslama we döredijilik işleri) hem ähmiýeti uludyr. Saýlama okuwlaryň maksady zehinli okuwçylara gyzyklanýan ugurlary boýunça çuňlaşdyrylan bilim
bermekden, olaryň pikirlenmek endiklerini, döredijilik başarnyklaryny yzygiderli ösdürmekden, okuwçylary ders, ylmy bäsleşiklere taýýarlamakdan ybaratdyr.
Zehinli okuwçylary ýüze çykarmak, olary bäsleşiklere taýýarlamak işi milli we dünýä tejribesini peýdalanmak bilen, pedagogika ylmynyň we okatmagyň häzirki zaman usulyýetiniň gazananlary esasynda guralmalydyr.
Ylmyň we bilimiň ösdürilmegi, ykdysadyýete ylmyň hem-de tehnologiýalaryň häzirki zaman gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ylmy-barlag mümkinçilikleriň artdyrylmagy, Watanymyzyň ylym we bilim ulgamynyň dünýä ösüşiniň derejesine çykarylmagy türkmen döwletiniň möhüm maksadydyr. Türkmenistan ýaşlaryň ösmäge bolan ymtylmalaryna ýokary baha berýär, olaryň ylmy-barlag işlerini hemmetaraplaýyn goldaýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, olaryň dünýägaraýyşyny giňeltmek, ýaş zehinleriň ylmy we intellektual mümkinçiliklerini amala aşyrmak üçin ähli şertleri döredýär.
Milli bilim we ylym ulgamyny özgertmek boýunça geçirilýän giň gerimli işler öz miwesini berýär, ýokary netijeliligini hem-de öňde goýlan maksatlara yzygiderli ýetilýändigini görkezýär.
Geçen ýyl Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň netijeliligi ep-esli ýokarlandy, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň mejlisiniň barşynda çagalaryň döwrebap bilim almaklary, ýaş nesilleriň zehinlerini hem-de ukyplaryny açmak we ösdürmek üçin ýokary şertleri döretmek maksady bilen bilim edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny
nygtady. Okuw meýilnamalaryň, maksatnamalaryň hem-de kitaplaryň halkara tejribesine laýyklykda täzelenilmegine, orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmäge, bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen işleriň wajypdygy bellenildi.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi, jemgyýetiň bitewiligini,
berkligini, agzybirligini we jebisligini aňladýar; döwletde amala aşyrylýan belent sepgitlere we özgertmelere ýetmek üçin milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň ýakyndan gatnaşmagyna ýardam berýär.
Ýurduň okuw mekdepleri kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilen hem-de Internet ulgamyna birikdirilen. Mekdepleriň okuw meýilnamasyna ykdysadyýetiň esaslary, informatika, taslamalaşdyrma, Türkmenistanyň medeni mirasy, umumydünýä medeniýeti, ekologiýa, maglumat-kommunikasiýa, innowasiýa tehnologiýalary, modelleşdirme, grafika boýunça dersler girizildi.
Bu gün Türkmenistanda matematika, informatika, tebigy, takyk we ynsanperwer ylymlary, daşary ýurt dillerini, hususan-da, iňlis, rus, nemes, fransuz, italýan, hytaý, ýapon, koreý, arap, pars we türk dillerini öwrenmek ulgamynda ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 200-e golaýy hereket edýär.

Joragül SAPAROWA we Güljemal ÇAGYLOWA,
Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymlary

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: