YKDYSADYÝET

«Paýhasly ösüş» ilaty gurluşyk serişdeleri bilen üpjün edýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sylap Kulyýewe degişli bolan «Paýhasly ösüş» hususy kärhanasynda ýurduň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Kerki etrabynyň Kerki şäherinde ýerleşýän «Paýhasly ösüş» kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda beton örtgüsiniň 4,5 müň inedördül metri, ýol haýatlarynyň 270 inedördül metri, beton germewleriniň 460-dan gowragy, beton sütünleriniň bolsa 120-ä golaýy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Bu zerur önümlere isleg barha artýar. Şol sebäpli hususy kärhanada işleriň gerimi-de giňelýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: