BIZE YAZYARLAR

“Paýhas çeşmesinde” kitap okamak hakynda:

– Kitapsyz okalmaz, merdiwansyz çykylmaz

– Kitaby har saklamak günädir

– Okuwa garrama ýok.

– Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir.

– Kitap okaýanyň ruhy baý

– Okamak iňňe bilen guýy gazmakdyr.

– Kitaby magşuk saý, özüňi aşyk

– Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana.

– Bilmeýän zadyňy kitapdan sora.

– Kitap okaýan dünýäni görer, kitap okamaýan görýänini görer.

– Işiň ussasy okamak.

– Okamadyk öküner, dil gysgadyr sakynar.

– Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler.

– Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana.

– Okaýan il ozar, okamaýan il tozar.

AZADOWA Aýşöhle,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat Agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.