DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Pariždäki Eýfel diňiniň beýikligi 330 metr ýetdi

Pariždäki Eýfel diňiniň depesinde şäheriň sanly radio bilen ýapylyşy gowulaşar ýaly uzynlygy 6 metre barabar bolan antennalary dikdiler. Bu ony öňküsinden beýgeltdi. Indi onuň umumy beýikligi 330 metre barabar, diýip,  «turizm.ru» ýazýar.

Öz taryhynyň dowamynda bu diň birnäçe gezek «ösdi». Ol 1889-njy ýylda guruldy we depesinde parlap duran fransuz baýdagy oturdylran baýdak diňi bilen bilelikde 312 metre ýetdi we «300 metrlik diň» diýen ady aldy. Soňra baýdak diňini telewizion antennalar we metereologiki enjamlar bilen çalyşdylar. 1957-nji ýylda göni ýaýlym üçin täze antennalar peredatçikler goşuldy we diňiň beýikligi 320 metre ýetdi.

2000-nji ýylda ýokary ýygylykly antennalar oturdyldy we onuň beýikligi 324 metre barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: