BIZE YAZYARLAR

Parahatlyk ― ýürek aýdymy!

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk hukuk derejämiziň 30 ýyllyk taryhy senesi çawy dünýä doljak dürli derejeli dabaralar arkaly giňden bellenilip geçiler. Şanly senäniň hormatyna 2025-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu taryhy çözgüt agzybir halkymyzyň ýürek arzuwynyň dabaralanmasyna öwrüldi.
Täze taryhy döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mizemez ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa agzybir halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek bilen birlikde, ählumumy parahatçylygy, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Munuň özi ata Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ynsanperwer ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýänligi bilen berk baglanyşyklydyr.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, baky Bitaraplyk hukuk derejämiziň çuňňur mazmunyny, parahatçylygyň, dost-doganlygyň ähmiýetini şahyrana dilde beýan edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusy, şeýle-de Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlary esasynda kabul edilmegi her birimiziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär. Munuň özi ýubileý ýylyň şygarynda hem-de nyşanynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň, abadançylygynyň
şöhlelenmegini, okgunly ösüşlerimiziň, ynsanperwer içeri we daşary syýasatymyzyň öz mynasyp beýanyny tapmagyny üpjün edýär.
Parahatçylyk — ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy. Parahatçylyk — gülläp ösüş. Ählumumy abadançylygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Jemşit MAMETKULYÝEW,
Dänew etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: