MEDENIÝET

Parahatdyr ýurdumyz – bagtlydyr zenanlarymyz

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň
hem-de Lebap welaýat zenanlar bölüminiň we bu medeni ojagyň bilelikde guramaklarynda
welaýatymyzyň zehinli, ökde işewir, döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň, kitaphana hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly-türkmen zenanlarynyň döredijilik ylhamynyň gözbaşy” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Şöhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, taryhda yz goýan zenanlarymyzyň gahrymançylyklary, enelerimiziň ýadowsyz zähmeti barada söhbetler edildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan “Milli mirasymyz-ruhy baýlygymyz” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar we Türkmenabat şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döreden eserleriniň sergileri gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bagtyýarlyk döwrimizde döwrebap ýaşamana, işlemäne ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.