Lebap welaýat kitaphanasynyň “Ülkäni öwreniş, düşündiriş we sorag-jogap”, bölüminiň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” ady bilen kitap sergisini guradylar. Bu sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden dörän ajaýyp kitaplary ýerleşdirildi. Bu sergide ýerleşdirilen kitaplar talyp ýaşlaryň arasynda hasda kitaplara bolan gyzyklanmasyny artdyrdy.
Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym!

12
Mar