MEDENIÝET

Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli Lebap welaýat kitaphanasynyň “Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän” bölüminiň gurnamagynda welaýatymyzyň kitaphana hünärmenleriniň, bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde ösen jemgyýetleriň aladasy parahat,
agzybir, asuda geljegiň binýadyny gurýan ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny döredijiligiň üsti bilen açyp görkezmek, halkymyzyň asyrlar boýy ygrarly bolan ýol-ýörelgeleri barada gyzykly söhbetler edildi. Şeýle-de, kitaphananyň hünärmenleri tarapyndan “Parahat ýurdumda-köňülleriň, ýürekleriň birligi” atly giň göwrümli kitap sergisi guralyp, ol gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda ata Watanymyzyň geljegi bolan nesilleriň
ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdyldy.