BIZE YAZYARLAR

“Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwaly

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda şeýle ajaýyp setirler bar: “Ynsan hakdaky iň belent oý-pikirler, aýdyň taglymatlar halkyň söz we saz mülkünde orun alypdyr. Şonuň üçinem sözüň täsirinde gudrat, sazyň täsirinde jady bar.”
Hakykatdan-da aýdym-sazyň gudraty ynsany elmydama ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Aýdym-sazyň gudraty dünýä halklaryny has hem jebisleşdirýär.
2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ” ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlyk syýasaty işjeň alnyp barylýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwalynyň açylyş hem-de ýapylyş dabarasy örän gyzykly geçirildi. Bu halkara festiwalyna Hytaýdan, Fransiýadan, Eýrandan, Russiýadan, Ermenistandan, Azerbeýjandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan şeýle hem Gazagystandan birnäçe medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgündäki dabaraly festiwala Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, welaýatlardan hem medeniýet we sungat ussatlarynyň, wekilleriniň ençemesi gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurtly tanymal sungat ussatlary dürli žanrlarda döredilen eserleri ýerine ýetirdiler. Halkara festiwalynyň şowhunly çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Konsert Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlyk etmeginde, Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Bu festiwala gatnaşmak, şeýle tolgundyryjy taryhy wakanyň şaýady bolmak meniň üçin örän bagt. Halklaryň köňüllerini birleşdirýän aýdym-sazyň gudratynyň döwletleri ýakynlaşdyrýandygyny, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň berkeýändigini görmek nahili ajaýyp. Begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda halkara festiwalynyň geçirilmegi mynasybetli döredijilik sergileri giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu guralan sergi festiwala gatnaşyjylaryň, myhmanlaryň ruhuny belende göterdi. “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwaly uly üstünliklere eýe bolup, halkara gatnaşyklarynyň ilerlemegine uly ýardam berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylyk syýasaty netijesinde asuda, parahat ýurdumyz bilen daşary ýurt halklarynyň arasyndaky hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary barha berkeýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Mähriban ERGEŞOWA,
“Ýylyň halypa zenany”
Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.