Parahatçylyk gaznasy we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti jemgyýetçilik çärelerini guraýar
Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň hem-de Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölümleri gündogar sebitiň çäklerinde iş meýilnamasyna laýyklykda, köp sanly işleri durmuşa geçirýärler.
Has takygy, meýilnama laýyklykda halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy», «Watan goragy — mukaddes borç», «Akyl giňişligi», «Adam ömrüniň howpsuzlygy», «Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň kadalary», «Maşgala mukaddesligi» diýen mowzuklar boýunça wagyz-ündew çäreleri, okuw maslahatlary we duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.
Şeýle ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşýan ildeşlerimiz bolsa ýörite höweslendiriji baýraklar, ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylýar.