BIZE YAZYARLAR

Parahatçylygyň ýaş çaparlary

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä arenasynda parahatçylygyň, durnuklylygyň we özara ynanyşmak dialogynyň belent nusgasyny görkezýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň kämil bilim almagy, milli we halkara derejede ykrar edilen hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen diplomatiýasynyň şöhratly ýoluny dowam etdirjek zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olaryň ukybyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Şu maksat bilen, Hormatly Prezidentimiziň ýörite çykaran Permany esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Ýaş Diplomatlaryň mekdebi tarapyndan ýylyň-ýylyna guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi eýýäm asylly we durnukly däbe öwrüldi. Bu bäsleşik diňe bir bäsleşik däl-de, eýsem geljekki halkara gatnaşyklar hünärmenleriniň kemala gelýän mukaddes mekdebidir. Ýylyň-ýylyna geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşige mekdebimiziň göreldeli okuwçylarynyň biri Aýnur Beghanowa hem birnäçe ýyldan bäri gatnaşyp, öz ukyp-başarnygyny görkezip gelýär.
Bäsleşik saýlama tapgyrdan we saýlama oýunlardan bolup, her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ongünlüginde bäsleşigiň saýlama test tapgyry geçirilýär we ondan geçen okuwçylar degişlilikde saýlama oýunlara gatnaşýarlar. Saýlama oýunda ýeňiji bolan okuwçylar soňra iki sany ýarym final oýunlaryna gatnaşyp iň soňunda hem finala gatnaşýarlar. Saýlama tapgyrynda okuwçylara mekdep maksatnamasy esasynda taryh, iňlis dili, rus dili derslerinden we IQ boýunça test sowallary hödürlenýär. 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda bäsleşigiň VI möwsüminiň saýlama tapgyry badalga aldy. Bu möwsüm «Garaşsyz we Bitarap Türkmenistan – parahatçylyk syýasatynyň hem-de özara ynanyşmak dialogynyň merkezi» atly örän çuň we syýasy taýdan manyly şygar astynda geçirildi. Gözlegleriň we çekilmeli zähmetleriň netijesinde, Aýnur hem bu çylşyrymly saýlama tapgyrdan üstünlikli geçmegi başardy.
Üstümizdäki ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda VI möwsümiň 3-nji saýlama oýny boldy. Bu gezekki bäsleşik hem örän çuňňur manyly, ýagny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy ýurt abadançylygynyň we pajarlap ösüşiň uçar ganatlary» atly tema bagyşlandy. Bu ýerde ýurdumyzyň taryhy ýoly, hemişelik Bitaraplyk statusynyň dünýä derejesindäki durnuklylyga goşýan goşantlary ýaşlaryň arasynda giňden seljerildi.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan ähli ýaşlara Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan ýörite hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bu saýlama oýunda mekdebimiziň okuwçysy baş baýragy alyp, ýeňiji bolup bilmedi. Emma pederlerimiz: «Ýykylan göreşden doýmaz» diýipdirler. Şonuň üçin hem, bu netije Aýnury ruhdan düşürmedi, gaýtam, oňa täze güýç we erjellik berdi. Çünki hakyky diplomat bolmak – hemişe zähmet çekmegi we synmaz erjelligi talap edýär.
Türkmenistanyň ýaşlaryna okamagy, döretmegi, ylym-bilim alyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şertler hem-de çäksiz mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin milli Liderimiziň hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly, taryhy we syýasy işleri elmydam rowaçlyklara beslensin!

Gülnara ATAJANOWA,
Kerki etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.