Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna barýan şöhratly günlerimizde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarynyň mynasyp dowamy bolup dabaralanýar. Bu beýik ýörelgeler ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem aýdyň beýanyny tapýar. Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy hökmünde biz hem döwletimiziň serhetleriniň ygtybarly goralmagyna, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň kanuny we tertipli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmagy özümiz üçin mukaddes borç hasaplaýarys.
2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygyny görkezýän möhüm wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda taýýarlanylan Konsepsiýada syýasy, ykdysady, ulag-logistika, energetika, ekologiýa we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Golaýda, 22-nji maýda Aşgabat şäherindäki «Garagum» myhmanhanasynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny aýdyň görkezdi. Mejlisiň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag-kommunikasiýa mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara geçelgeleri bilen sazlaşykly gatnaşyklary ösdürmek ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy Türkmenistanyň parahatçylyk, ynanyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýändigini tassyklaýar.
Baky Bitarap Türkmenistan energetika, ulag-logistika, söwda, maýa goýum, «ýaşyl» ykdysadyýet we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ýaly ugurlarda GDA döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Bu ugurlar biziň — gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň gündelik işinde hem aýratyn orny eýeleýär. Sebäbi halkara söwda gatnaşyklarynyň giňelmegi, multimodal gatnawlaryň ösdürilmegi, serhetden geçýän ýükleriň tertipli we kanuny gözegçiliginiň üpjün edilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna hyzmat edýär. Şeýle beýik işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Mergenmuhammet KAKABAÝEW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

