BIZE YAZYARLAR

Parahatçylygyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde parahatçylygyň özeni hasaplanylýan Bitarap Diýarymyz dünýä halklaryny agzybirlige çagyrýar. BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mejlisinde ’’2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly’’ atly Kararnama kabul edildi.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň asmanyndan uçup ýören ak kepderiler bu mekanda parahatçylygyň höküm sürýänligine güwä geçýär. Parahatçylyk bilen baglanyşykly çärelerde kepderi uçurmak dabaralary guralýar. Gahryman Arkadagymyz seýkin basyp, uz ýöreýän bedewlere atlananda egnine kepderiler gelip gonýar.
Kepderiler mundan 500 ýyl ozal eldekileşdirilipdir. Olar uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşen görnüşe eýe bolupdyr. Gadymy döwürlerden bäri kepderi hat gatnadyjy bolup hyzmat edipdir. Uzak ýurtlara sapara giden syýahatçylar ýanlary bilen kepderileri hem äkidipdirler. Olara bir habar ugratmak zerurlygy ýüze çykanda kepderiniň aýagyna hatjagazy berkidip ugradypdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen söwda edýän kerwenler kepderileriň üsti bilen öz habarlaryny ýetmeli menzile ýetiripdirler. Kepderi barmaly ýerini kynçylyksyz tapmagy başarypdyr.
Parasatly pederlerimiz asyrlaryň dowamynda kepderi barada birnäçe rowaýatlary we eserleri döredipdirler. Şolaryň arasynda ‘’Gilgameş’’ atly eser dünýä meşhurdyr. Eseriň adybir gahrymany baky ýaşaýşyň dermanyny gözlap, çölüň içinde huşundan gidip, suwsuz ýatyrka, bir kepderi oňa çüňkünde suw daşap berýär. Guş huşuna gelen ýigidiň elleriniň aýasyna çüňküni goýup, bir dänäni berip, şony ekmegi maslahat beripdir. Ekilen däne gögerip, toprakdan çybyklary towlam-towlam bolup duran daragt gögerýär.
Nuhuň tupany hakyndaky rowaýatda kepderi Ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürýandigini buşlap, çüňkünde zeýtun baldagyny getiripdir. Ýaşyl Tugumyzda zeýtun baldagynyň ýerleşdirilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyksöýüji, Bitarap
döwletdiginiň nyşanydyr. Döwletimiziň Bitaraplyk ýörelgesi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty netijesinde Türkmenistan ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Biziň ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň oňyn netije bermegi netijesinde dawalaryň öňüni almak we ylalaşdyrmak boýunça halkary gatnaşyklaryň ulgamynda tejribe toplaýar we sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar.
Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan adamzat medeniýetiniň sallançagy hasaplanylýan parahatçylyksöýüji ýurt hökmünde giňden tanalýar. Parahatçylygyň nyşanyna öwrülen ak kepderiler asuda asmanymyzy bezeýär. Gözelligiň ajaýyp
nusgasy bolan bu guş dynç alşyň möhüm bezegi bolup hyzmat edipdir. Ajaýyp kepderileriň täsinligine, gözelligine düşünen adamlar ömrüniň dowamynda olardan daşlaşyp bilmändirler. Kepderisöýüjiler bu guşy köpeldýärler. Olara seretmek adamda guşlara bolan söýgi duýgusyny döredýär.
Paýtagtymyzda we welaýat merkezlerindäki kepderileriň şekilleri ýasalan heýkeller özboluşly sungat eseri hökmünde şäherlerimiziň görküne görk goşýar.

Parahat MYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki Merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: