Uzak geçmişiň dowamynda pederlerimiz bagtyýar durmuşyň özeninde agzybirligiň bardygy hakyndaky tymsaldyr rowaýatlaryň ençemesini döredipdirler. Munuň özi halkymyzyň asudalygy, abadançylygy dörediji milletdigini subut edýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserlerinde hem Watan mukaddesligi, Garaşsyzlygyň keramaty, hemişelik Bitaraplygyň bagty, halkymyzyň milli gymmatlyklary, döwletlilik ýörelgeleri pelsepewi garaýyşlar bilen beýan edilýär.
Milli Liderimiz «Bitarap Türkmenistan», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitaplarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäde parahatçylygy we agzybirligi, dostlugy we ynanyşmagy berkitmekdäki taryhy ähmiýetini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda tutýan ornuny düýpli açyp görkezýär. Bu gymmatly eserleri okanymyzda, hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyna has-da çuňňur düşünýäris.
Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde Şükür bagşynyň keşbi arkaly ata-babalarymyzyň ýüze çykan ýagdaýy kadalaşdyrmakda diňe parahatçylykly ýollary gözländiklerini beýan edýär. Hakykatdan-da, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna goşant goşmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek halkymyzyň şan-şöhratly taryhynda, milli ýörelgelerinde aýratyn orny eýeleýär. Geçmişde ata-babalarymyz paýhasly çözgütleri, asylly ýörelgeleri bilen halklaryň arasynda agzybirligiň rowaçlanmagyna uly goşant goşupdyrlar.
Milli Liderimiz ýokarda agzalan kitabynda türkmen diplomatiýasynyň taryhynda bolup geçen wakany mysal getirmek bilen, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň halkymyzyň milli ýol-ýörelgelerine örän gadym zamanlardan bäri ornandygyna ünsi çekýär: «Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň iň ýakyn eždatlary — gunlar Han hökümdary bilen (Hytaýyň taryhynda örän güýçli bolan imperiýalaryň biri) birek-biregiň üstüne çozmazlygy borç edinen iki halkyň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan «Ähdi-peýman şertnamasy» diýip atlandyrylan şertnamany baglanyşýarlar. Şertnama wagty çäklendirmesizden, möhletsiz baglanyşylypdyr. Şol şertnamada geljek nesillere arkama-arka ähdi-peýmana wepaly bolmak teswirlenipdir.
Bu mysal türkmenleriň öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandygyna şaýatlyk edýär» diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Şeýle taryhy waka geçmişde gaýduwsyz ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgeleriň üsti bilen agzybirligi, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ündäp gelendiklerine, dünýä halklary bilen ylalaşykda, jebislikde ýaşandyklaryna aýdyň şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň «Türkmen Bitaraplygy we medeni, ynsanperwer ulgamlar» atly bölüminde öňe sürülýän gymmatly pikirler ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan medeni gatnaşyklarynyň ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini, dost-doganlygy dabaralandyrmakda möhüm ähmiýetlidir. Medeniýetleriň ýakynlaşmagy ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna uly ýardam berýär. Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň üç gezek ykrar edilmegi bilen, ata-babalarymyzyň arzuwlan zamanasy, berkarar döwleti kemala gelip, türkmenleriň hoşniýetlilik ýörelgesi bütin dünýäde dabaralandy.
Ýurdumyzyň goňşy, sebit hem-de dünýä döwletleri bilen oňyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyryp, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň binýadyny berkidýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.
Alişer EGENOW,
Türkmenabat şäher prokuraturasynyň derňew bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.

