YKDYSADYÝET

«Parahat» hususy kärhanasy önümleriň täze görnüşini çykarmagy ýola goýdy

«Parahat» hususy kärhanasy alkogolsyz içgileriň ýene-de birnäçe täze görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy.

Kärhananyň öňki «Eçil», «Ýeserje», «Dat», Süýtli dere», «Däp», «Han çaý», «Özi», «Arma», «Han şöhlat», «Güneşli», «Köşüli» haryt nyşanlarynyň üsti indi «OK», «Zor», «330» nyşanlary bilen ýetirildi. Bu barada «Rysgal» gazeti habar berýär.

Täzeçillik, döwrebaplyk, iň gowy hem ýokary hilli önümleri öndürmek, müşderileriň isleglerini öwrenip, önümçiligi ösdürmek «Parahat» hususy kärhanasynyň esasy ýörelgeleri hasaplanýar. Onuň tebigy miwe şireleri, çaýlary, gazly içgileri, miwe-gök önüm pýureleri, süýt we et önümleri Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Ýewropa we goňşy ýurtlara eksport hem edilýär.

«OK» alkogolsyz gazlandyrylan içgileriniň limonad, tarhun, kola, pyrtykal, emeli minerallaşdyrylyp gazlandyrylan görnüşleri öndürilýär. Olar 0,5 litrlik plastik gaplara gaplanýar. Täze önümleriň hatarynda «330» limon, şetdaly, tokaý miweleri tagamly sowuk çaýlary, nar tagamly içgisi hem-de «Zor» atly zirk we guarana tagamly gazlandyrylan alkogolsyz içgisi hem bar. Olar 330 millilitr göwrümli plastik gaplarda öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: