«Päkize aý» hususy kärhanasynyň öndürýän asbest-sement üçek örtükleri diňe bir ýurdumyzyň bazarynda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islege eýe.
Häzirki wagta çenli önümçilikde taýýarlanan önümler goňşy Owganystana we Özbegistana ugradyldy. Hil derejesine aýratyn talap goýulýan önümler bäsleşige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.
Telekeçi Annageldi Rozyýewiň bellemegine görä, kärhananyň işçi topary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny hem-de Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamagy maksat edinýär. Öndürijiligiň artmagyna ýolbaşçylar we işçiler uly goşant goşýarlar. Telekeçiler döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk
bildirýärler.
«Päkize aý» önümlerini iki döwlete eksport edýär
16
Aug
