JEMGYÝET

Pakistanda Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmek barada pikir alyşdylar

Islamabad söwda-senagat palatasynyň (ICCI) Prezidenti Muhammad Şakil Munir Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasyna bardy we diplomatiki missiýanyň ýolbaşçysy bilen taraplaryň mümkinçiliklerinden ugur alyp, iki taraplaýyn söwda gatnaşyklaryny ösdürmek barada gepleşik geçirdi, diýip, «orient.tm» ýazýar.

Pikir alyşmalaryň dowamynda ilçi Atajan Möwlamow ICCI-niň we Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň arasynda onlaýn konferensiýa guramagy teklip etdi. Ol Türkmenistanyň ilçihanasynyň ICCI-niň agzalaryny ýurduň eksport harytlary we söwda hyzmadaşlygynyň öňe sürülýän ugurlary bilen tanyşdyrjakdygyny aýdanlarynyň üstüne goşdy.

Şonuň ýaly-da, Möwlamow ýurduň içki energiýa serişdelerine bolan talaby ödemek üçin Türkmenistanyň Pakistanana suwuklandyrylan gaz (LPG) iberip biljekdigini ýatlatdy, diýip, «ProPakistani» gazeti ýazýar.

Munir Merkezi Aziýanyň özüne çekiji bazardygyny we Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň Islamabada sebitde ösüniň söwdasyny giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: