Pähim paýhas-ummany Magtymguly Pyragy
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her günümiz ösüşlere, üstünliklere beslenilip gelýär, her ýyla özboluşly at bermek bütin türkmen halkymyzyň asylly däp-dessuryna öwrüldi. 2024-nji ýylyň “Pähim paýhas-ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylmagy bütin türkmen halkyny has-da guwandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz “Pähim paýhas-ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusyny halkymyza sowgat berdi. Milli Liderimiziň ýiti zehininden, pähim-paýhasyndan dörän bu eser halk köpçüligi tarapyndan söýgi bilen okalýar. Bu şygyryň her bir setiri many-mazmun taýdan çuňlugy okyjylarda, diňleýjilerde ynsanperwer, watansöýüjilik, adalatlylyk ýaly täsirli duýgulary döretdi.
Şeýle-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde hem akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanyp birnäçe konsertler, edebi sazly duşyşyklar we ylmy konferensiýalar geçirilip durýar. Akyldar şahyr Mekdebimiziň bagşy-sazandalarynyň dilinde dessana, suratkeşleriň uly höwes bilen suratlandyrýan keşbine öwrüldi. Şahyryň goşgulary ösüp gelýän ýaş nesil üçin öwüt-ündew, durmuşda dogry ýoly salgy berýän adalatly, ahlakly ýol-ýörelge mekdebi bolup durýar.
Gündogaryň akyldar, dana, pahim-paýhasly şahyry Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp döredijiligi bilen öçmejek yz goýan taryhy edebi mirasy diňe bir biziň ýurdumyzda däl eýsem, bütin dünýä medeniýetiniň göz guwanjy hasaplanylýandyr. Ussat şahyryň goşgy ýygyndylary birnäçe dünýä dillerine terjime edilip okalyp, okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Bu bolsa şahyryň döredijilik mirasynyň halkara derejesinde öwrenilip, giňden ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam berýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň gyzgalaňly, dabaraly geçmegi üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Şahyryň ady häzirki günlerimize çenli birnäçe ýerlerde ulanylýar: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Magtymguly adyndaky drama teatry, şeýle hem ýokary okuw jaýy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we beýlekiler.
Şeýle-de gözelligiň paýtagty bolan ak mermerli Aşgabat şäherimiziň günorta tarapynda, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň medeni- seýilgäh toplumynda ussat şahyryň ägirt uly heýkeli gurulmagy Aşgabat şäheriniň gözelligine has hem gözellik goşdy. Mundan başga-da daşary ýurtlarda Turkiýede, Russiýada, Daşkentde akyldar şahyryň heýkelleriniň birnäçesi bar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň çekýän irginsiz zähmetsöýerligi netijesinde durmuşa geçirildi. Şeýle bol elin durmuşy türkmen halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli belent sepgitleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Muradowa Arzuw