BIZE YAZYARLAR

Pagtaçylykda täzeçilligiň gözleginde

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ýokary girdejili pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly mümkinçiligini herekete getirmek üçin ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin ekologiýany goramaga, tohumçylyk işinde innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, ösümlikleri we haýwanlary goramak, toprak-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmäge uly maýa goýumlary gönükdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, oba hojalyk toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler oba hojalygyny, şol sanda pagtaçylygy ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda pagtaçylyk pudagyna uly orun degişlidir. «Ak altyny» öndürmek we ony gaýtadan işlemek obasenagat toplumynyň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu pudagyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, oňa ylmy işläp taýýarlamalaryň we täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna, önüm öndürijileriň ykdysady taýdan höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki, pagta güneşli Diýarymyzyň eksport ulgamynyň möhüm bölegini eýeleýär hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän milli dokma senagatynyň kärhanalary üçin zerur çig mal bolup durýar.

Ýurdumyzda «ak altyn» hasylynyň möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, ýokary hilli tohum taýýarlamaga uly üns gönükdirilýär. Pagtany gaýtadan işleýän ýeňil senagat kärhanalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeginde gurlan döwrebap pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary gögerişi kepillendirýän tohumlaryň taýýarlanylmagy ýokary derejeli gögerişi üpjün edýär. Bu tohumlaryň ulanylmagy gowaça ýekelemek işini hem aradan aýyrýar. Inkubatorlara ýerleşdirilýän pagta çigidi ilki himiki usul bilen künjaradan arassalanylýar. Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary tohumlyk çigitleri kesellere garşy gaýtadan işlemäge, önümi ýörite serişdeler bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle usul tohumlyk çigidine harçlanýan çykdajyny ep-esli azaldýar.

Häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan dünýäniň belli önüm öndürijilerinden ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlar, traktorlar we beýleki ýöriteleşdirilen tehnikalar, enjamlar satyn alynýar. Döwletimiz tarapyndan tehniki hyzmatlar, agrotehniki kadalara laýyklykda tohum, mineral dökünler, suw bilen üpjün etmek işleri we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri kärendeçilere we daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde ýerine ýetirilýär. Orta we inçe süýümli pagtanyň, şeýle hem gowaçanyň ýokary netijeli sortlarynyň satyn alyş nyrhlary yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny peýdalanmak, oba hojalyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen düýpli işler geçirilýär. Oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, ýurdumyzyň her bir welaýatynyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanan usullary peýdalanmak oňyn netije berýär. Ylmy seçgiçilik, gowaçanyň täze etraplaşdyrylan, çalt ýetişýän, hasyllylygy we süýüminiň ýokary hili bilen tapawutlanýan sortlaryny döretmek işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Nesip bolsa, oba hojalyk pudagyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, daýhançylygyň iň gowy tejribeleriniň dowam etdirilmegi netijesinde oba hojalyk önümleriniň bol hasyly öndüriler.

Döwlet tarapyndan pagtaçylygyň tehniki taýdan üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaga uly möçberdäki serişdeler goýberilýär. Meşhur daşary ýurt öndürijilerinden getirilen ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlar, traktorlar we beýleki ýöriteleşdirilen maşynlar pudagyň tehniki binýadynyň esasyny düzýär. Ekin meýdanlarda ýerli toprak-howa şertlerimiz göz öňünde tutulyp oba hojalyk tehnikalary üstünlikli ulanylýar. Bu tehnikalara takyk ekerançylyga esaslanan telematika ulgamy ornaşdyrylan. Munuň özi ekerançylyga esaslanýar, ýagny, ekilýän tohumlyk däneleriň takyk ýere düşmegini, şeýlelikde, tohumyň tygşytlanmagyny, hasaply ekilmegini üpjün edýär. Bu bolsa, öz gezeginde tohumyň, suwuň, döküniň, beýleki serişdeleriň az mukdaryny talap edýär.

Döwrebap oba hojalyk tehnikalarynda takyk usul ulgamynyň bolmagy netijesinde olaryň işleýşine ykjam telefondyr internet ýaly häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen gözegçilik edip bolýar. Tehniki näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda degişli hyzmat bölümine dessine habar bermek mümkinçiligi bar. Şeýle-de birnäçe näsazlyklary tehnikanyň ýanyna barmazdan bejermek, marker çekmek ýaly hysyrdyly işi sürüjiniň üstünden aýryp, awtomatik usulda ýerine ýetirmek we başga-da ençeme ýeňilligi üpjün edýär. Ýurdumyzda pagtaçylygy ösdürmekde, dünýä bazarynda pagta önüminiň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, pagta çig malynyň önümçiligini artdyrmakda, uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ähli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Jeren PÄLWANOWA,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: