YKDYSADYÝET

Pagtaçylara öndüren hasyly üçin sarun berlip başlandy

Hasyl ýygymynyň gyzgalaňly gidýän günlerinde welaýatymyzda döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilen pagtanyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alnan sarun önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahadan satylyp başlandy.

 Bu iş Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda ýola goýuldy. Pagta arassalaýjy kärhanalardan gelip gowuşýan pagta çigidi Türkmenabadyň ösümlik ýag kärhanasynda gaýtadan işlenenden soňra alynýan sarun şol kärhanalara gaýtarylyp berilýär. Şol ýerlerden hem pagta öndürijilere ol önüm almaly möçberine laýyklykda önüm öndürijilere paýlanylýar. Sarunyň bir kilogramynyň bahasy 44 teňňedir. Biraz öňräkden bäri bolsa welaýatyň galla önümleri kärhanalarynda önüm öndürijilere kepek hem berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: