Pagtaçylara medeni hyzmat edildi

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Ärsarybaba» daýhan birleşiginde pagta ýygymyna gatnaşýan oba hojalyk işgärleriniň günortanky arakesme wagtynda aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

Etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar we Demokratik partiýalarynyň welaýat komitetleriniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde geçiren bu çäresinde etrap merkezi kitaphanasynyň işgärleri kitap sergisini guradylar, kombaýnçylardyr mehanizatorlary täze eserler bilen tanyşdyrdylar. Etrap alyjylar jemgyýeti tarapyndan guralan söwda nokadynda hem oba hojalyk işgärleri üçin zerur gerekli harytlar hödürlenildi. Etrabyň bagşylary bolsa konsert bilen çykyş etdiler.

Pagta ýygymynda ýokary öndürijilikli zähmet çekýän mehanizatorlara Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komiteti tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector