JEMGYÝET

Pagta ýygymçylarynyň zähmet bäsleşigi geçirildi

Farap etrap häkimligi we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti tarapyndan «Dostluk» daýhan birleşigine degişli «ak altynly» atyzlaryň birinde ýygymçylaryň arasynda zähmet bäsleşigi geçirildi. Oňa etrabyň saýlama ýygymçylarynyň 30-sy gatnaşdy.

Jeýhun geňeşliginiň ýaşaýjysy, etrapdaky 14-nji çagalar bagynda terbiýeçiniň kömekçisi bolup işleýän Şeýdaý Halmuradowa bir günüň dowamynda ýygan 175 kilogram pagtasy bilen bu zähmet bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ikinji orny Farap geňeşliginden Güljahan Döwletowa eýeledi. Etrapdaky 2-nji çagalar bagynda hem zähmet çekýän ýygymçy zenan irdenden agşama çenli 169 kilogram pagta ýygdy. Öňdebaryjylaryň üçlügini Hojakenepsi geňeşliginiň ýaşaýjysy Seýitgül Hojagulyýewa jemledi. Onuň ýygan hasyly 166 kilograma deň boldy.

Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: