Ozon gatlagynyň zaýalanmagy
Alymlaryň baha bermeklerine görä, häzirki wagtda atmosferadaky ozonyň mukdary her ýylda takmynan 0,1 % azalýar. Eger-de, ozon gatlagyny dargadyjylar hasaplanýan freonlaryň atmosfera zyňylmagy şeýle ýokary depgin bilen dowam etse, onda ýene-de 100 ýyldan ozonyň mukdarynyň azalmak derejesi 11-16 %-e, ýakyn geljekdäki 50 ýyldan bolsa – 5-8 %-e ýetmegine garaşylýar. Bu görkezijiler ozon gatlagyny goramagyň juda zerurdygyny, bu ugurdaky ähli tagallalary birleşdirmegiň möhümdigini duýdurýar.
Mälim bolşy ýaly, ozon gatlagynyň zaýalanmagy we dargamagy, esasan, aşakdaky sebäplere görä bolup geçýär:
– sowadyjylaryň freonlarda we aerozollarda işlemegi;
– mineral dökünleriň dargamasynyň netijesinde atmosfera köp mukdarda azodyň oksidiniň bölünip çykmagy;
– uçarlaryň has ýokary belentliklerden uçmaklary we raketa göteriji emeli hemralaryň uçurylmagy (azodyň oksidleriniň we suw buglarynyň atmosfera zyňylmagy);
– ýadro partlamalary (azodyň oksidleriniň emele gelmegi);
– hloruň antropogen gelip çykyşly birleşmeleriniň stratosfera aralaşmaklaryna ýardam berýän hadysalaryň ýygjamlaşmagy, şeýle hem metilhloroformyň, dörthlorly uglerodyň, hlorly metiliň atmosfera zyňylmagy.
Bütin dünýäde we ýurdumyzda alnyp barylýan bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi bu global meseläniň öňüniň alynmagyna göniden-göni ýardam eder.
KLYÇEW Dawut,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.