Özbek kompaniýasy Türkmenistana eksportunyň mukdaryny artdyrmagy meýilleşdirýär
Şu gün «Jeyhun.news»-yň habarçysyny Türkmenabat şäherinde geçirilýän serginiň çäklerinde Samarkant şäheriniň «Pet Agro Oil» paýdarlar jemgyýetiniň satuw boýunça hünärmeni Zafar Melikow bilen söhbetdeş boldy. Myhman özlerine Lebap welaýatyndan hem hyzmatdaş gözleýändiklerini aýtdy.
― Biri-birine goňşuçylykda oturan iki döwletiň tebigy we toprak şertleri birmeňzeş. Şeýle bolansoň, Özbegistanda taýýarlanylýan azyk önümlerine siziň ýurduňyzda hem isleg uly. Edil şonuň ýaly, biziň ýurdumyzda hem Türkmenistandan barýan azyk önümleri hemişe hyrydaryny tapýar. Statistiki maglumatlara görä, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynda iň uly paýlaryň biri azyk önümleriniň söwdasyna düşýär. Bu işe biz geljekde has iri möçberde goşant goşmaga çalyşýarys ― diýip, myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine uly ynam bildirdi.