Özbegistanyň medeniýet ministri Türkmenistandan soň Gyrgyzystanda hem hormatly ada mynasyp boldy
Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowy kabul etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
– Biziň halklarymyzy köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýol goýulmagy bilen döwletara gatnaşyklary ýokary derejä çykdy we medeniýet bu hyzmatdaşlygyň berkidilmegine möhüm orun eýeleýär – diýip, Sadyr Žaparow belledi.
Özbegistanyň Medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow hem öz gezeginde alyp barýan işlerine hormat goýýandygyna we ýokary baha berýändigine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrjakdygyna ünsi çekdi.