BILIM

Özbegistanyň ilçihanasy tarapyndan yglan edilen düzme bäsleşiginniň ýeňijileri sylaglanyldy

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda beýik şahyr we akyldar Alyşir Nowaýynyň 584 ýyllygy, şeýle hem beýik özbek şahyry, filosofy we taryhçysy Zahyreddin Muhammet Babyryň doglan gününiň 542 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
Dabaranyň barşynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Alyşir Nowaýy we Zahyreddin Muhammet Babyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp geçirilen «Dünýä edebiýatynyň ägirtleri» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Ýeňijilere degişli diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.