DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadionynyň düýbi tutuldy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirzijoýew Daşkentde guruljak iri sport desgasynyň — döwrebap futbol stadionynyň düýbüniň tutulyş dabarada gatnaşdy.
2-nji oktýabrda FIFA geňeşi 2027-nji ýylda 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatyny Özbegistanda we Azerbaýjanda geçirmek barada karar kabul etdi.
Her ýurtda çempionatyň oýunlary üç stadionda geçiriler. Final we ýarym final oýunlary 50 müň tomaşaçydan gowrak orunly stadionda geçirilmelidir — bu FIFA-nyň talaplarynyň biridir. Stadion ähli FIFA düzgünlerine laýyklykda gurlar we Aziýanyň iň iri hem tehnologik futbol desgalarynyň biri bolar.
Bu desganyň işi diňe 2027-nji ýyldaky U-20 dünýä çempionaty üçin däl-de, eýsem, bütin özbek futbolynyň we ýaşlar sportynyň onýyllyklar boýy ösüşiniň itergi berijisi bolar.