YKDYSADYÝET

Özbegistan Türkmenbaşy portunyň üstünden geçýän ulag geçelgesinden peýdalanar

Ulag meseleleri boýunça özbek-türkmen iş toparynyň mejlisinde ýurtlaryň arasynda awtomobilde ýük daşamagy doly dikeltmek seredilen wajyp meseleleri biri boldy. «CentralAsia.news» saýtynyň habar bermegine görä, özbek tarapy Türkmenbaşy portunyň üstünde geçýän ulag geçelgesiniň bütin sebit üçin möhümdigini we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmelidigini belläpdir.

Şu jähtden ýurtlaryň ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky tema hem gozgaldy. Bu demir ýol we awtomobil ulaglary bilen ýük daşamagyň möçberini artdyrmaga ýardam eder. Şeýle hem, ýurtlaryň arasyna ýolagçy gatnawlaryny işjeňleşdirmegiň we «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran  — Oman» ulag geçelgesini ulanmagy meselelerine hem seredildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: