Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistana 126,8 million litr benzin eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komitetiniň habar berýändigi barada «atavatan-turkmenistan.com» ýazýar.
Umuman, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Özbegistan 289 million litrden gowrak benzin import etdi. Bu ýangyçlaryň umumy bahasy 104 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
“turkmengaz.gov.tm” internet sahypasynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Özbegistana awtomobil benzinini eksport etmekde ikinji orunda durýar. Bellenilen döwürde satyn alnan awtomobil benziniň umumy möçberiniň 34%-i türkmen benzininiň paýyna düşýär.
Birinji orun Russiýa degişlidir (140,5 million litr). Umumy möçberiň 48,6%-ine barabar.