SPORT WE SYÝAHAT

Ozalky kapitan prezident boldy

Ýaponiýanyň Futbol Assosiasiýasynyň prezidenti edip, milli ýygyndynyň öňki ýolbaşçysy bellendi. Guramanyň taryhynda iň ýaş lider, strategiýasynda 2050-nji ýyla çenli öz ýurdy bilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolmak isleýändigini aýtdy.

Ýaponiýa Futbol Assosiasiýasynyň täze prezidenti edip 47 ýaşly öňki futbolçy Suneýasu Miýamoto bellendi. Hünärmen ozal dolandyryjy müdir bolup işleýärdi.

Futbolçylyk işiniň dowamynda “Gamba Osaka”, “Red Bull Salsburg”, “Wissel Kobe” ýaly klublarda oýnan Miýamoto 2002-nji we 2006-njy ýyldaky dünýä çempionatlarynda hem oýnady. Hatda ýolbaşçy hökmünde köp oýunda Ýaponiýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etdi.

Miýamoto meýilnamalaryny metbugat wekilleri bilen paýlaşdy. Neşir edilen manifestde aşakdaky meselelere aýratyn üns berilýär:

― Güýçli Ýaponiýa milli ýygyndysyny döretmek;

― Çagalara, gyzlara we garrylara üns berýän ýagdaýda futbol bilen meşgullanýanlaryň sanyny köpeltmek;

― Futbol arkaly daşky gurşaw meselelerine çemeleşmek, jemgyýetçilik başlangyçlary arkaly ýerli jemgyýetleriň meselelerini çözmäge goşant goşmak.

Miýamotonyň aýtmagyna görä, strategiki çäreleriň netijesinde Ýaponiýa 2050-nji ýyla çenli öz ýaşyl meýdançalarynda Dünýä çempionatyny geçirmek arkaly çempionlygy gazanmak isleýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: