Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan bu günki gün Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ähli pudaklarda bolşy ýaly bilim ulgamynda hem uly ösüşleri gazanýar. Ösüp gelýän ýaş nesle netijeli bilim bermek döwrüň iň uly maksatlarynyň biri hasaplanýar.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň agzybir bilim işgärleri hem ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin niýetlenen ak mekdepde irginsiz zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň hatarynda mekdebimiziň başlangyç synp mugallymy Gülşirin Ahmedowany agzamak bolar. 2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 1-i Gülşirin Ahmedowanyň ak mekdebe ilkinji ädimini äden ýaş nesli öz perzendi kimin bagryna basanyna tegelek 30 ýyl dolýar. Özüniň güler ýüzlüligi, mylaýymlygy, ýaş nesle berýän terbiýesi bilen bir hatarda, owadan bezelen, dürli esbaplaryň ýer alan synp otagyna gireniňde mugallymyň işe bolan höwesi mese mälim görünýär.
Hormatly Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer” kitabynda: “Mugallym sapak geçende özüni alyp barşy çaga terbiýesine uly täsir edýär. Her gezek birmeňzeş, ençeme gezek gaýtalanýan äheňi seçip alýan mugallym öz geçýän sapagyndan lezzet almaz.
Sapaga taýýarlanýan mugallym edil sahna çykjak artist ýaly bolmalydyr. Umuman-a, sapagyň özi gyzykly oýun ýaly bolup geçmelidir” diýip belleýär.
Şu nukdaýnazardan mugallym her bir sapagy görkezme esbaplary, tehniki serişdeler, barlagnamalary, soragnamalary, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürdäne pähimlere, sargytlara ýugrulan kitaplaryndan,milli mirasymyzdan,nakyllardan we rowaýatlardan peýdalanyp, dersara baglanyşdyryp geçmek bilen bir hatarda, okuwçylarda medeniýetimize, Watanymyza söýgini terbiýeläp, sözleýşini ösdürmäge çalyşýar.
Mugallym sapak geçmek bilen çäklenmän, öz döredijiligini dürli görnüşde bezelen owadan esbaplarynda hem şöhlelendirýär. Her ýylda geçirilýän mugallymlaryň arasynda ýanwar, awgust usuly amaly okuwlarynda “Bilim sergilerinde” mydama işjeň mugallymlaryň hatarynda hormat hatlary bilen sylaglanýar. Etrap derejesinde geçirilýän medeni-köpçülik işlerine hem okuwçylary bilen bilelikde yzygiderli gatnaşýar.
Mugallymyň hormata mynasyp baý tejribesi diňe bir mekdebimiziň ýaş mugallymlaryna däl, eýsem, mugallymçylyk kärinde zähmet çekýän her bir ynsan üçin nusgalyk göreldedir.
Biziň üçin şeýle mümkinçiliklere baý bolan bilim ojaklaryny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Güldesse ROZYKULOWA,
Köýtendag etrabynyň 40- njy orta
mekdebiniň himiýa mugallymy.

