BIZE YAZYARLAR

Oýnawaçlaryň taryhy

Çagalygymyzyň ýakymly ýatlamalaryny özüne siňdiren oýnawaçlar ir döwürlerden bäri adamzadyň gyzyklanmasyna öwrülip gelýär.

Oýnawaç ýasamaklyga ir döwürlerde hem uly ähmiýet berlipdir. Taryhy öwreniji  alymlaryň  bellemegine görä, Gündogarda oýnawaç satylýan ýörite bazarlar bolupdyr. Ol bazarlarda agaçlardan ýonulyp elde ýasalan dürli reňkler bilen bezelen oýnawaçlar satylypdyr. Şeýle oýnwaçlary palçykdan hem ýasapdyrlar. Oýnawaçlar adamlaryň öý goşlarynyň, gap-çanaklaryň we beýleki zatlaryň şekilinde bolupdyr.

Oýnawajyň maksadyna mazmunyna, ýasalyş hiline onuň dörän döwri, emele gelen ýurdunyň ýeriniň ýaşaýyş we zähmet şertleri, medeniýeti, garaýyşlary täsir edipdir. Jemgyýetiň ösmegi bilen oýnawaçlaryň hili hem mazmuny özgeripdir. Agaçdan hem palçykdan ýasalan oýnawaçlaryň gapdalynda kagyz bölejikleriň ýelimlenip ýasalan oýnawaçlar peýda bolupdyr.

Adamlaryň gözellik hakyndaky garaýyşlarynyň ösmegi bilen oýnawaçlaryň hiline, keşbine,gelşigine bildirilýän talaplar hem özgeripdir. Olar has owadan, anyk şekilli görnüşe gelipdir.

Oýnawajy ýasamaga aýratyn talaplar bildirilýär. Ol çagalaryň hyýalbentligini ösdürmeli, daş-töwerekde bolup geçýän zatlara akyl ýetirmäge kömek bermeli. Oýnawaç arkaly çagada zähmete bolan söýgüni, dürl tehniki serişdelere gyzyklanmany döretmek bolar. Ondan başga-da oýnawaçlar arkaly çagalaryň bilesigelijiligini, syn etmek başarnyklaryny, çeperçilik hem-de döredijilik ukyplaryny kemala getirmek mümkin. Oýnawaç çagalary diňe bir güýmemek üçin niýetlenmän, eýsem olara köpçülikde öz ornuny tapmaga, özara gatnaşyklary ýola goýmaga, ýakymly duýgulary oýarmaga, çeperçilik başarnyklaryny döretmäge esaslanandyr.

Ýusup Durdyýew,

Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: