Halk köpçüliginiň arasynda: «Immuniteti berk bolan adamlar kesellemeýärler» diýen pikir ýörgünli. Başda-da bellenilişi ýaly, immunitetiň berk bolmagy bedeniň kesellerden goraglylygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ýöne munuň özi berk immunitetli adamlara wiruslaryň ýokuşmaýandygyny aňlatmaýar.
Ýiti respirator keseli ýarawsyz adam üsgürende, asgyranda, geplände, dem alanda daş-töweregindäki howa gurşawyna bölünip çykarylýan nem damjajyklarynyň üsti bilen ýokuşýar. Şol damjalaryň düzüminde saklanýan wiruslar sagdyn adamyň dem alyş ýollaryna düşen badyna synalaryna aralaşyp, köpelip ugraýar — keseliň gizlin (inkubasion) döwri başlanýar. Bu döwür birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli dowam edip bilýär, onuň uzaklygy, köp babatda, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyna bagly bolup durýar. Şu ýerde aýratyn bellemeli zat, ýokançlar bedene ýolugan pursadyndan başlap, ýagny heniz inkubasion döwründe daş-töweregindäkilere ýokuşyp bilýär. Ýiti respirator keselleriň örän tiz ýokuşyjylygy hut şu häsiýetli aýratynlyk bilen düşündirilýär.
Kesel duýdansyz we ýiti başlanýar. Näsaglan adam gyzdyrýar, bedeniň gyzgynlyk derejesi 39 o C çenli ýokarlanyp bilýär. Şu ýerde gyzgynyň sähel ýokarlanmagynyň keselläniň keselden saplanmagy üçin belli bir derejede peýdalydygyny hem bellemek bolar. Sebäbi adam gyzdyranda, beden kesele garşy göreşip başlaýar, netijede, ganyň düzümindäki zyýanly wiruslary ýoklaýan ýörite bedenjikler köpelip, adamyň immuniteti artýar. Ýöne gyzgynyň ýokary galmagy saglyga ýaramaz täsir edip bilýär. Kesel ýitileşdigiçe, ýarawsyzlygyň alamatlary has aýdyň ýüze çykýar: adam üsgürýär, asgyrýar, burun boşlugyndan çygly nem bölünip çykýar, gözleri ýaşarýar. Onuň dodagyna uçuk gaýnaýar, synalaryna gowşaklyk aralaşýar, bogunlarynda agyry peýda bolýar, beden myşsalary syzlaýar.
Ýiti respirator keseller ýaş çagalarda, gartaşan, immuniteti pes, az hereketli adamlarda has agyr
geçýär. Wagtynda öňi alynmadyk, dogry anyklanmadyk we sowatly bejerilmedik ýagdaýynda
ýiti respirator keseller öýken sowuklamasy, bronhit, öýkeniň çişmesi, ýürek-damar, bagyr, böwrek
kesellerine, nerw ulgamynyň düýpli zeperlenmelerine getirip bilýär.
Bir ýaşa çenli çagalary keselden goramakda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýeti
uludyr. Keselden goranmakda sagdyn durmuş ýörelgelerine uly orun degişlidir, bu çärelere näçe irki
ýaşda başlasaň, şonça-da gowy netije berýär. Çagalykdan bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamyň synalary sagdyn hem kuwwatly bolýar. Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek möhümdir.
Bedeniň synalaryny taplamak zerur bolup, munuň üçin irki ýaşdan bedenterbiýe maşklaryny
ýerine ýetirmeli, üstüňden ýyly we sowuk suwy gezekleşdirip akytmaly, howa we Gün wannalaryny
almagy endik edinmeli. Içerini ýelejireden wagtyňyzda, şemal çekýän ýerde durmak, sowadyjyda
duran suwdan içmek, daşardan gyzyp gelen badyňa, howany serginledýän enjamyň golaýyna
barmak maslahat berilmeýär.
Ýiti respirator kesellere ýolukdyrýan wiruslar arassa howada uzak ýaşap bilmeýär. Şonuň üçin
hem öý-içeriňizi tämiz saklaň, çygly arassaçylyk işlerini ýygy-ýygydan geçiriň! Şahsy arassaçylyk
kadalarynyň pugta berjaý edilmegi keselden mäkäm goranmaga kömek edýär. Iş ýerleriňizi arassa
saklaň, peýdalanýan enjamlaryňyzy, el telefonlaryňyzy we beýleki şahsy zatlaryňyzy yzygiderli
zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen süpüriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň ýa-da
zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanyň! Üsgüreniňizde, asgyranyňyzda, agzyňyzy we burnuňyzy bir
gezeklik elýaglyk bilen ýapyň! Eger-de özüňizde keseliň alamatyny duýsaňyz, haýal etmän,
maşgala lukmanyna ýüz tutuň! Diňe lukman tarapyndan bellenen bejergini alyň, özbaşdak derman
serişdelerini kabul etmäň! Maşgala lukmanyna näçe ir ýüz tutsaňyz, kesel şonça-da ýeňil bejerilýär.
Özüňizde ýiti respirator kesel anyklanan ýagdaýynda, lukman tarapyndan öýde bejergi
almak bellenende, köpçülik ýerlerine barmakdan saklanyň!
Oguljemal BABAÝEWA,
Lebap welaýat Onkologiýa hassahanasy Radiologiýa bölümiň müdiri.