BIZE YAZYARLAR

Öýkenimizi agyr keselden goralyň!

Hassahanamyza ýüz tutýan raýatlar flurografiýa we rentgenografiýa barlaglaryndan geçirilýär. Şonda öýkende ýekeje düwün tapylsa, onuň howpsuz düwün bolmagy hem mümkin, ýa-da öýkeniň howply täze döremesi bolmagy hem mümkin. Şeýle ýagdaýda birinji bilen aýtjak zadymyz gorkmaly däl, öýkeniň täze döremesiniň 90 göterimi çilimkeşleriň keselidir. Çilim çekýän adamlarda öýkeniň we gyzylödegiň täze döremesi, bronhit, aşgazanyň ýara-baş keseli, miokardyň infarkty, stenokardiýa ýaly keseller köp ýüze çykýar.
Çilim çekmeýän bolsaňyz, öýkeniň täze döremesiniň töwekgelçiligi sizde azdyr. Öýkeniň düwünleriniň 90 göterimi howpsuzdyr. Ýöne öýkeniň täze döremesi bilen oýun eder ýaly däldir. Öýkeniň täze döremesine getirýän esasy sebäpleriň biri bolsa çilimkeşlikdir.
Çilimkeşlik 15 ýyldan aşan bolsa has hem howpludyr. Günde bir gap çilim çekseň, töwekgelçilik 20 esse, 2 gap çekseň, 40 esse köpelýär. Ýaşyň ulaldygyça, täze döreme keseliniň töwekgelçiligi hem köpelýär, çilimkeşde ol 35 ýaşdan soň has howply bolýar.
Öýken täze döremesiniň üsgülewük, demgysma, agramyň peselmegi, kükrekde agyry döremegi, esasan hem uludan dem alnanda kükregiň agyrmagy ýaly alamatlary bar. Eger-de, näsag 30 ýaşly bolup, çilim çekmeýän bolsa, düwün 8 mm-den kiçi bolsa kompýuter tomografiýasy barlagy gaýtalanýar we eger bir
ýyldan soň düwün ösmeýän bolsa ol gorkuly däldir.
Bu keseliň iň gowy öňüni alyş çäresi çilim çekmekligi taşlamakdyr. Çilimi goýmak üçin esasy özüňizde erk bolmaly. Şeýle-de, arassa howada gezelenç etmek, fiziki maşklar bilen meşgullanmak maslahat berilýär.
Çilim çekmegiňizi goýup, sagdyn durmuş ýörelgesine ädim ädersiňiz diýip umyt edýäris. Iň esasy zat ony siziň tüýs ýürekden islemegiňizdir.

Sünnetylla SULTANOW,
Darganata etrap hassahanasynyň onkolog lukmany.