Öýken ynsan bedeniniň iň möhüm synalarynyň biridir. Her bir dem alyşda öýken bedenimizi kislorod bilen üpjün edýär, ýaşaýşyň dowam etmegine hyzmat edýär. Şonuň üçin öýken saglygyny goramak, dem alyş ýollarynyň keselleriniň öňüni almak her bir adamyň gündelik durmuşynda aýratyn üns bermeli ugurlarynyň biridir. Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmanlary hökmünde biz öýken keselleriniň öňüni almakda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, arassa howanyň, dogry iýmitlenmegiň we zyýanly endiklerden daşda durmagyň ähmiýetini bellemek isleýäris.
Öýken keselleriniň öňüni almagyň ilkinji şerti çilim çekmezlikdir. Çilim tüssesi öýken dokumasyny zeperlendirýär, bronhlaryň arassalanmak ukybyny peseldýär, dowamly üsgülewük, dem gysma we ýokanç kesellere ýykgynlylyk döredýär. Çilim çekmeýän adamlaryň hem çilim tüssesinden goralmagy möhümdir. ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň maglumatyna görä, ikinji derejeli çilim tüssesi ulularda ýürek kesellerine, insult we öýken ragyna, çagalarda bolsa dem alyş ýollarynyň ýokanç kesellerine, gulak kesellerine we demgysma tutgaýlaryna sebäp bolup bilýär.
Öýken saglygyny goramakda ýaşaýyş we iş ýerleriniň howasyny arassa saklamak hem möhüm ähmiýete eýedir. Tozanly, tüsseli, himiki maddalaryň buglary köp bolan gurşawda uzak wagt bolmak dem alyş ýollaryna zyýan ýetirip biler. Şonuň üçin öý we iş otaglaryny yzygiderli ýelejiretmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, önümçilikde gorag serişdelerini ulanmak, sowuk howada özüňi goramak we bedeniň immun goragyny berkitmek zerurdyr.
Dem alyş ýollarynyň keselleriniň öňüni almakda beden işjeňligi hem aýratyn orna eýedir. Arassa howada gezelenç etmek, ýaşyna we saglyk ýagdaýyna laýyklykda maşklar ýerine ýetirmek, kadaly uky, witaminlere baý iýmitlenmek öýkeniň işleýşini goldaýar. Şeýle hem ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, elleri ýygy-ýygydan ýuwmak, näsag adamlar bilen ýakyn gatnaşykdan saklanmak, kesellän ýagdaýyňda özbaşdak bejergi geçirmän lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär.
Öýken keselleri käte ilki başda ýeňil alamatlar bilen başlanýar. Dowamly üsgülewük, gakylyk, ganly gakylyk, dem gysma, döş agyrysy, sebäpsiz horlanmak, uzak wagtlap gowşaklyk ýaly alamatlar ýüze çykanda wagt ýitirmän lukmana ýüz tutmak zerurdyr. Ir anyklanan keselleriň öňüni almak we bejermek mümkinçilikleri has ýokary bolýar. Aýratyn-da çilim çekýän, zyýanly önümçilik şertlerinde işleýän ýa-da öýken kesellerine ýykgynly adamlaryň lukmançylyk gözegçiliginden geçip durmagy möhümdir.
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmanlary hökmünde ildeşlerimizi öýken saglygyna jogapkärçilikli çemeleşmäge çagyrýarys. Sagdyn durmuş ýörelgesi, çilimsiz gurşaw, arassa howa, beden işjeňligi we wagtynda lukmana ýüz tutmak öýken keselleriniň öňüni almakda iň ygtybarly ädimlerdir. Saglyk adamyň öz elindäki iň uly gymmatlykdyr, ony goramak bolsa şu günden başlanýar.
Nasiba JUMANOWA,
Lebap welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.

