BIZE YAZYARLAR

Öýde «ýaşyl» sütün

Montreal şäheriniň ýaşaýjysy Bris Negelsiň ilkibaşdaky maksady öýüň bir böleginde miwedir gök önüm ýetişdirmekdi. Şu maksat bilen öýüň içinde giden bir gözellik emele geldi. Şeýlelikde, ol öýünde «Iýmit sütünini» döretdi.

Şäherdäki ýaşaýyş ekerançylyk baradaky hyýallary çäklendirýär. Öýde ekin ýetişdirmek üçin azda-kände mümkinçilik bar hem bolsa, ondaky howa we tebigy şertler ösümligiň ýetişmegi üçin oňaýly mümkinçiligi çäklendirýär.

Şeýle-de bolsa, bu işde görelde görkezip bilýänler bar. Olaryň biri hem Bris Negels. Onuň öýde ýetişdiren ekinzarlygy dikligine ösüp, özboluşly «ýaşyl» sütüne öwrüldi. Ekinleriň sütün görnüşinde ýetişdirilmegi olaryň öýde artykmaç ýer tutmazlygyna ýardam berýär.

Ekinleriň ýetişdirilýän güldanlaryna suw we dökün ýörite ulgam bilen eltilýär. Häzir Bris öýünde gök we bakja önümleriniň 10-a golaý görnüşini ýetişdirýär. Olaryň arasynda gawunyň bolmagy has gyzyklydyr.

Merjen Joraýewa,

Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: