Öý şertlerinde heň kömeleginden ösdürji fitogormon almak
Berkarar döwletiň täze eýýamynda Galkynyşy döwürinde Arkadagly Serdarymyz taýsyz tagallalary bilen biziň -ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar, watançy adamlar bolup ýetişmegimiz ugrunda uly aladalar edilýär ,ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, ulgamy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge , mady-enjamlaýyn üpjinçiligini berkitmäge gönükdirlen uly işler durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, janly-jandarlar köp peýdaly maddalary öndürýärler. Gadymdan gelşi ýaly, häzirki wagtda olaryň alynyşy adatça oba hojalyk we farmasiýa senagaty bilen baglydyr.Şu wagta çenli gerekli maddalaryň aglaba köpüsi tebigatda ösýän we oba hojalygyna girizilen ösümliklerden we haýwanlardan alynýar.Biotehnologiýa pudagynda peýdaly maddalary bölüp çykarýan öýjükleri üýtgedip, tebigatdan senagat şertlere geçirip, olaryň madda çalşygyny dolandyrýarlar. Şeýlelik bilen janly öýjükler tehnologiki prosesleriň düzüji bölegi bolup durýarlar.
Häzirki wagtda oba-hojalygynyň dürli pudaklaryny ösdürmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Ösümlikleri ösdürmek we ýokary derejede hasyl almak maksady bilen dürli himiki serişdeler öndürilýär. Mälim bolşy ýaly ulanylýan himiki maddalar hasylyň hilini göni täsir edýändigi sebäpli ekologiki taýdan arassa hasaplap bolmaz. BDSG-guramasynyň we degişli hünärmenleriniň belleýşi ýaly adam saglygyna oňaýsyz täsir edýän serişdeleriň ýerini ekologiki hem-de biologiki arassa maddalar bilen çalyşmak zerurdyr. Soňky alnyp barylan ylmy barlaglar netijesinde mukor (Mucor) urugy (başgaça heň kömelegi diýilýär). Özünde saklaýan çylşyrymly organiki maddalary bilen tapawutlanýandygy ýüze çykaryldy.
Heň kömelekleri medenileşdirlen topraklarda has köp duş gelýär we organiki maddalaryň, esasan, azot saklaýan maddalaryň ýaşaýyş aýlawyna gatnaşýar.Köpisi alkogoly içgileri ýa-da ýörite taýýarlanylýan iýmit önümlerini taýýarlamakda ulanylýar. Heň kömelekleri organiki galyndylary çüýretmek heňletmek arkaly iýmitlenýän kömelekler şalygynyň bir wekilidir. Bedeninde we sporongiýalarynda köp mukdarda çalşyp bolmaýan beloklary hem-de çylşyrymly uglewodlary saklaýar.Bu maddalary gowşadylan spirtde (etanol C2H6O) ergininde eredip ösümliklere berilende,ösümlikleriň ösüüşiniň çaltlaşýandygy gözegçilik edildi. Bu maddalar spirt ergininde özboluşly fitogarmonlara öwrülýärler. Alynan bu garmonlar ösümlikleriň madda çalşygyny güýçlendirmäge ukyplydyr. Netijede ösümlik suwy we organiki maddalary adatdakysyndan köp peýdalanmagy başarýarlar.Bu bolsa hasylyň ýokarlanmagyna getirýär.Dürli konsentrasiýaly taýýarlanan erginleriň ösümliklere nähili derejede täsir edýändigini ylmy barlaglarymyzyň dowamynda ýüze çykardyk.
Heň kömelekleriniň düzümindäki maddalary dürli usullar bilen bölüp almak arkaly biologiki işjeň fitogormon taýýarlanyldy we ylmy esasda öwrenildi. Taýýarlanan fitogormony däneli ekinler bolan bugdaý, gant sugundyry we kädide, ýasy ýaprakly bir ýyllyk ösümliklerde barlamak arkaly olaryň ösüşine we hasylynyň hiline edýän oňaýly täsiriniň bardygy ýüze çykaryldy.. Degişli bellikler edildi we barlanylýan ösümlikleriň feneologik ýazgylary ýazyldy.
Soňky alnyp barylan ylmy barlaglar netijesinde mukor (Mucor) urugy (başgaça heň kömelegi diýilýär). Özünde saklaýan çylşyrymly organiki maddalary bilen tapawutlanýandygy ýüze çykarylmagy hem bellärliklidir.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Baýramgeldi Arazgeldiýew,
Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň eýesi
Döwran Ahmedow