BIZE YAZYARLAR

Öwrenmek – durmuşyň enesidir

Tebigatdan öwrenmegi, sapak almagy başarmaly. Möýleriň torlary ep-esli aralykda egilmän durýar. Möý torlarynyň bu aýratynlygy esasynda iňlis alymy S.Braun asma köprini gurmagyň usulyýetini oýlap tapýar. Ine, durmuşdan ýeke mysal.

Şeýle mysaly näçe diýseň getirse bolar. Gep, ol mysallaryň köplüginde ýa-da azlygynda däl. Iň beýik açyşlary alymlara tebigat salgy berýär. Bu gün Nýutonyň üstüne almanyň gaçanlygy sebäpli, bütindünýä dartylmak kanunyny açandygyny kim bilmeýär.

Tebigatyň iň gowy maslahatçydygyny, terbiýeçidigini hergiz unutmaly däldiris.  Haýsy zat durmuşyň bilen baglanyşykly bolsa, ýadyňda galýar. Käbir zat on-ýigrimi ýyldan, käsi bir ýyldan, käsi bir günden, käsi bir sagatdan ýadyňdan çykýar. Ýöne ömürlik ýadyňdan çykmaýan zatlar hem bolýar.

Mekdepde ozon gatlagy barada okapdyk. Ozonyň ýunan sözdügini, «ysly» diýen manyny berýändigi, kislorodyň  özgeren görnüşidigi, gök reňkli partlaýjy maddadygy, onuň Ýeri Günüň şöhlesinden goraýan daşky gurşawymyzyň ýigriminji kilometrinden kyrkynjy kilometrine çenli gabat gelýän gatlagydygy, bu zatlary bolsa ilkinji gezek 1785-nji ýylda belli golland fizigi Marumyň açandygyny köpler bilýändir.

Ozon gatlagy Günüň gaty, ýakyp-ýandyryjy şöhlesini süzüp, ýumşak, jana ýakymly şöhleleriniň Ýere inmegini üpjün edýär.

Ähli perdeler şöhleleriň ýumşaklaryny tutup galýar, gatylaryny bolsa goýberýär. Bu – fizikanyň kanuny. Ýöne ozon gatlagy fizikanyň bu kanunyna ters gelýär: ozon gatlagy şöhleleriň ýowuzyny adamlaryň depesinden inderenok, inderse, onda Ýerdäki ähli janly-jandarlar ýanjak, küle öwrüljek. Bize ozon gatlagy ýaşaýyş berýär. Ol biziň küle öwrülmegimiziň öňüni alýan perde. Günüň ýakyp-ýandyrýan ýitiligini diňe özi çekýär.

Adamzat güllerden hoşboý ysy alyp, atyr, anbar ýasamagy müňlerçe ýyl mundan ozal öwrendi.

Türkmen taryhyna ser salsak, atabegler başga bir ýurtda bolan wagty şol ýurduň edara edilişini hökman öwrenipdirler. Ýöne nädip? Ony atabegiň özi soradymyka ýa-da oňa gürrüň berdilermikä? Oňa hiç kim hiç zat gürrüň bermändir, onuň özem hiç kimden hiç zat soramandyr. Ýöne atabeg ýumşak, päli pes, ýagdaý bilýän, her sözüni saldarlap görýän, eglişige gelýän adam, şoňa görä-de, ýurduň dolandyrylyşyny bilipdir. Ol muny iliň bilşi ýaly däl-de, özüçe bilipdir. Adamlaryň ýaşaýyşlaryny, biri-birine edýän sylag-hormat gatnaşyklaryny synlap bilipdir.

Nadira Rahmedowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: