BIZE YAZYARLAR

Öwrediji oýunlaryň ähmiýeti

Ruhy we fiziki taýdan sazlaşykly ösen nesli kemala getirmekde çagalaryň arasynda beden taplaýjy, dynç beriji maşklary, hereketli oýunlary geçirmek hökmanydyr. Bular çaganyň işjeňligini artdyryp, ünslüligini, ýatkeşligini güýçlendirýär. Şeýle hem çagalarda sözleýşi ösdürmekde milli we hereketli oýunlaryň, öwrediji oýunlaryň ähmiýeti uludyr. Bular çagalaryň dil baýlygyny ösdürip, çalasynlygyna, işjeňligine, çalt we dogry netije çykarmak ukybynyň kemala gelmegine ýardam edýär.

Alymlaryň we pedagoglaryň aýtmaklaryna görä, çaga oýunlary ösüp gelýän nesli hemmetaraplaýyn terbiýelemekde esasy serişdeleriň biridir. Çünki oýunlar çagalaryň ýatkeşligini, göz öňüne getirme endigini ösdürýär hem-de olaryň dostluk, ýoldaşlyk ruhunda terbiýelenmegine kömek edýär. Oýnuň üsti bilen çaga öz akylyny baýlaşdyrýar, täze düşünjeler alýar. Oýunlaryň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmekleri bolsa körpelerde dogruçyllygy terbiýeleýär.

Çaganyň ösüş döwründe sözleýşi ösdürmek wezipesi esasy mesele hökmünde kesgitlenendir. Munda sözleýşe düşünmek, sözleýşe öýkünmek, söz baýlygyny ösdürmek, sözleýşinden peýdalanyp daşky durmuş bilen aragatnaşyk etmek wezipeleri orta çykýar. Çaganyň sözleýşini ösdürmekde öwrediji oýunlaryň ähmiýeti aýratyn orny eýeleýär. Olara esasan hem, stol üsti we söz üsti oýunlar, hereket oýunlary, saz öwrediji oýunlar degişli edilýär. Şeýle hem söz baýlygyny aktiwleşdirmekde çagalara sorag bermegi öwretmeli. Tapmaçalary düzmek we çözmek bilen yzygiderli gyzyklanmak hem çaganyň özbaşdak pikirlenmek we netije çykarmak endiklerini kemala getirer.

 Gülşen Durdyýewa,

Çärjew etrabynyň 5-nji «Berkararlyk» çagalar bagynyň terbiýeçisi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: