SYÝASAT

Owganystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri kerosin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosinini satyn aldylar. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

«Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gaz we el halylary Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 853 müň dollaryndan gowrak boldy.