Taryha ser salsaň, geçmişi ýatlap,
Pyragynyň kitabyn gatbar-gatlap,
Sanardan kän, yz goýup giden atlar,
Halkynyň geçmişi, geljegi Watan.
Türkmeniň sazyny öwrenen alym,
Nota geçiripdir, alyp galamyn,
Milli sazymyza, ýok deňi-taýyn,
Mukamlaň köşgi sen, owazly Watan.
Şol mukamlar asyrlardan gelýärler,
Ýakymly, mylaýym owaz berýärler,
Baýramlary aýdym bilen bezärler,
Toý-baýramly, rysgal-döwletli Watan.
Bu gün täze-täze aýdymlar döräp,
Möwç alýar mukamlaň otlary köräp,
Barýarys geljege has batly ýöräp,
Arkadagly Serdarly illi Watan.
Selbi IMAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby.
