Bedew bady bilen öňe barýan gül Watanymyzda medeniýet we sungat ulgamynda ýylyň-ýylyna uly ösüşler we özgerişler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu ulgamda zähmet çekýän sungat işgärleri üçin ähli mümkinçilikler
döredilýär , ýurdumuzyň dürli künjeklerinde häzirkizaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze medeniýet ojaklary bolan kitaphanalar, teatrlar, kino we konsert zallar, medeniýet öýleri, çagalar we ýörite – orta bilim berýän sazçylyk we sungat mekdepleri gurulup ulanylmaga berilýär. Bu bolsa
medeniýet, sungat işgärlerini joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Çagalar sazçylyk we sungat mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlaryň öňünde bolsa zehinli çagalaryň döredijilik, ýerine ýetirijilik ukyplaryny ösdürip, ýetişip gelýän ýaş nesli milli we dünýä saz medeniýeti bilen içgin tanyşdyrmak , döwrebap saz bilimini bermek ýaly wajyp meseleler durýar .
Çagalaryň ýerine ýetirijilik ukybyny ösdürmek ugrunda çagalar sazçylyk we sungat mekdepleriniň mugallymlary yzygiderli döredijilik gözleglerinde bolmak bilen zehinli çagalaryň aýdym – saz sungatyna uly toparynyň goşulmagyna şert döredýärler. Ýakynda Lebap welaýat müdirliginiň geçirmeginde welaýatyň sazçylyk we sungat mekdepleriniň üflenip çalynýan saz gurallar orkestrleriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige welaýatyň ähli künjeklerinde ýerleşýän mekdeplerden toparlar ýygnanyşyp, örän gyzykly we üýtgeşik sazlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň şertine görä her topar üç sany eseri ýerine ýetirip, toparyň ýerine ýetirijilik ukybyna, onuň düzümindäki saz gurallaryň dürliligine we dirižýorlaryň okuwçylar bilen işlemek ukybyna bilelikde emin agzalar tarapyndan baha berildi. Şeýlelikde, üçünji orna Saýat etrabynyň Sakar şäherçesiniň çagalar sunagt mekdebiniň , ikinji orna Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň, birinji orna Saýat etrabynyň Saýat şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň we Baş baýraga Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň toparlary mynasyp boldular. Ähli ýeňijilere Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň adynan sowgatlar bilen hormat hatlar gowşuryldy we emin agzalar tarapyndan geljekde ýene-de has-da hyjuwly zähmet çekip, üstünlik gazanmaklyk arzuw
edildi.
Leýla BEŞIMOWA,
Dänew etrap çagalar sungat mekdebiniň fleýta hünäriniň mugallymy.