Şu gün Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň zalynda “Milli saz gurallar bölüminiň ” mugallymlary Narguly Joraýewiň we Ahmet Abdullaýewiň okuwçylarynyň konserti geçdi. Halypa mugallym, halkara we döwlet bäsleşikleriniň ýeňijisi, ussat sazanda , ençeme usuly gollanmalaryň awtory bolan Narguly Joraýewiň ýetişdiren şägirtleriniň, olaryň arasynda halkara we döwlet bäsleşikleriniň laureatlarynyň sany bu günki günde sanardan kändir. Olar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekip, halypasynyň ýoluny dowam edip gelýärler. Şeýle wepaly şägirtleriniň biri, ýaş mugallym, ussat sazanda, N.Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly halkara VIII sungat festiwalynyň laureaty Ahmet Abdullaýew mugallymçylyk kärinde hem gowy netijeleri görkezmegiň hötdesinden gelýär. Ol diňe mugallymçylyk bilen däl, eýsem meşhur saz gurallar ýasaýan ussalary Azamjan Abdullaýewiň agtygy we Kahramon Abdullaýewiň ogly bolup, öz atasynyň we kakasynyň kärini hem üstünlikli dowam edýär we bu ugry has –da kämilleşdirýär.
Konsertiň dowamynda türkmen, azerbeýjan, özbek, daşary ýurt nusgawy kompozitorlaryň sazlary täzeçe öwüşginde, özboluşly sazlaşykda ýaňlandy. Okuwçylar ýerine ýetirýän sazlarynyň çylşyrymlylygyna seretmezden, labyzlylyk we ezberlik, erjellik we duýgurlyk bilen ýerine ýetirip, diňleýjileri özlerine maýyl etdiler.
Konsertde mugallymlar Olga Salikowa we Ajap Ilowa ussatlyk bilen
sazandarlyk edip, ýerine ýetirijileriň özlerine bolan ynamyny has-da artdyrmagy gazandylar we eserleriň sazlaşykly ýaňlanmagyna uly ýardam berdiler. Dabaranyň soňunda mekdebiň direktory Batyr Ýazmyradow özüniň hoşşallygyny bildirip, mugallymlara minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Zulfiýa Hojanazarowa
Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy