Türkmen taryhynyň juda gadymylygy ýaly, onuň medeniýetiniň, sungatynyň taryhy hem juda
gadymy, baý hem-de özboluşlydyr. Geçmişde 70-den gowrak şalyklary, hanlyklary, imperiýalary döreden halkymyz taryhy döwrüň içinde kakylyp, üflenip çalyýan, şeýle-de krişli saz gurallarynyň onlarça görnüşini döredipdir. Olar özüniň saz gurallaryny ilkibaşda ýönekeýje zatlardan ýasan bolsa, soňa baka çygşyrymlaşan birnäçe ýakymly owazlary berip bilýän saz gurallaryny ýasapdyr. Şeýdip kem-kemden kämilleşen saz gurallarynyň sany-da artypdyr. Taryhyň bize galdyran dürli döwürlerindäki maglumatlaryna görä türkmenleriň saz gurallarynyň sany 72-ä ýetipdir diýip aýdylýar. Perdelerimiz öz döwürlerinde 72 sany saz guralyny bir ýere jemläp çalan sazlarynda türkmeniň durmuşynyň ähli tapgyrlary şöhlelenipdir. Hat-da ýurduň üstüne howp abananda dessine ata atlanýan gerçeklere ruhy güýç berýän owazlar hem şol saz gurallarynda çalnypdyr. Şu ýerde men bir rowaýaty ýatlasym gelýär. Çölde mal bakýan çopan ýigidiň mallary ikä bölünip, bir bölegi ürküp sürden daşlaşypdyr. Çopan ýigit olaryň yzyndan gideýin diýse, onda sürüniň esasy bölegi-de eýesiz galjak. Aljyran çopan bir belent depä çykyp, bir zaryn owaz çalypdyr welin, ol owaz säheriň arassa we asuda wagtynda dessine oba ýetipdir. Obadan gelen adamlaryň birisi sürä eýelik edip beýlekileri bolsa çopan bilen yz çalyp ýiten mallaryň ugruna çykypdyrlar. Öz wagtynda
alada edensoň mallar hem tapylypdyr, çopan ýigit hem begenjinden obadaşlaryna tüýdükde
täze öwrenen sazyny çalyp beripdir.
Öz döwründe çopan-çolugyň hemrasy bolan gargy we dilli tüýdükler şu günki günde hem öz
ähmiýetini ýitirenok. Il arasynda „ekme gamyş“ diýlip tanalýan suwly ýaplaryň gyralarynda
ösýän içi köwek gamyş ösümligi bu tüýdük üçin esasy serişde hasaplanýar. Ol gamyş gowy
bişip dykyzlaşansoň ony kesip alaga-da uç tarapyndan tüýdük üçin ýaramly bölegi alnyp, ol
gurap ýetişmänkä işlenilýär. Ussa tüýdügiň owaz berşine laýyklykda onuň dilini we gözjagazlaryny ýasaýar. Eger-de owaz ussanyň göwnünden turmasa, onda tüýdük täzeden
ýasalýar. Gowy owaz berýän tüýdük soňra nusgalyk hökmünde ussada saklanýar.
Ata-babalarymyz gargy gamyş bilen bir ugurdan bolan gamyşdan hem üýtgeşik owaz berýän
saz guralyny – dilli tüýdügi ýasapdyrlar. Bu tüýdügiň owaz berşi onuň diliniň açylşyna görä
bolýar. Şonuň üçin tüýdügiň dilini wagtly-wagtynda gözden geçirip durmaly.
Ata-babalarymyz tarapyndan müňlerçe ýylyň dowamynda sünnälenip, döredilen baý senetlerini, saz medeniýetini düýpli öwrenmek işi diňe Garaşsyzlyk ýyllary içinde amala aşyrylyp başlandy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gysga döwrüň içinde beýleki ykdysady ugurlar bilen birlikde medeniýet, sungat, ylym ulgamynda hem asyrlara barabar işler edildi.
Ýurt Baştutanymyzyň yglan eden Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
türkmen sazynyň, milli saz senetlerimiziň halkymyzy beýik işlere galkyndyrmakdaky, bagtyýar ýaş nesliň kalbynda joşgun döretmekdäki orny has-da belentdir. Goý, türkmeniň baý hem-de özboluşly saz senetleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň jarçysy bolup, belentden-belent ýaňlansyn.
Seýran ÝOLDAŞBAÝEW,
Lebap welaýatynyň Darganata etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.