- ESASY HABARLAR, JEMGYÝET

Öten-geçenler ýatlanyldy

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň ähli ýerlerinde hatyra güni bellenilip, öten-geçenleriň ýagty ýadygärligine bagyşlanan sadakalar berildi, şehit bolanlaryň ruhunyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okaldy. Adamlar gonamçylyklara çykyp, bu dünýäden ötenleriň mazarlaryna ter gül desselerini goýdular, aýat okadylar. Şehit bolanlaryň Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary ýatlanyldy, ýaşlara türkmen gerçekleriniň gahrymançylyklary, Aşgabat ýer titremesinden soň jebislikde çekilen zähmetiň, ähli ýerlerden gelen kömegiň netijesinde ýumrulan şäheriň galdyrylyşy, onuň bu gün tanalmaz ýaly derejede özgerendigi, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrülendigi barada gürrüňler berildi.

Her ýylyň 6-niy oktýabrynda Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär we şol gün 1948-nji ýylyň oktýabrynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije Aşgabatda bolup geçen ýer titremesinde şehit bolanlar, taryhyň dürli döwürlerinde Watan goragyna çykyp, il-gününiň asudalygy, erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlar we beýlekiler ýatlanylýar.