BIZE YAZYARLAR

Otda taplansaň…

Adamyň, dünýäniň ýekeje açary bar. Oňa söýgi diýilýär.

Adam ogly söýüp öz kalbyny, çylşyrymly pynhan dünýäsini açyp, özüniň kimdigine göz ýetirip bilýär. Diňe söýen adam tükeniksiz älemleriň, jümle-jahanyň gözelligine bendiwan bolup, çylşyrymly, pynhan manysyna akyl ýetirip biler!

Bir baý ýaş ýigit şäheriň meşhur tikinçisine kostýum buýrupdyr. Materialy diýseň gowumyş. Ýaş ýigit tikin bahasynam gysganmajakdygyny aýdypdyr.

Baý ýigit ençe günläp kostýumyny almaga gatnapdyr. Her gezek baranda hem:

– Gyssanma, ýene pylança günden gelersiň – diýen jogaby eşidipdir. Ahyry diýlen günem ýetip gelýär. Ýaş ýigit tikinçi ussa:

 Sen  bir kostýumy kyrk gün iş edindiň – diýip igenipdir.

Ýigidiň igenji ussa ýaramandyr. Ol kyrk günläp sünnäläp tiken kostýumyny çykaryp, ýigide görkezip:

–Hany, synla, ýedi günde edip boljak işmidir bi! – diýipdir.

Ol öz tiken penjegi bilen jalbaryny deňsiz-taýsyz sungat hasaplapdyr …

Islendik iş bolsun, parhy ýok, ähli zehiniňi, ukybyňy, yhlasyňy, söýgiňi, mähir-muhabbetiňi siňdirip işleseň – ol iş ömrüň manysyna öwrülýär. Zehiniň, söýginiň, ýürek hyjuwynyň baran ýerinde bolsa ajaýyp sungat döreýär.

Adaty adamlar özüniň ilkinji tapan pikirini hakykatdyr öýdýär, akyldarlar bolsa şol pikiriň dürli tarapyndan, aşagyndan, ýokarsyndan gelip, pikirini öwran-öwran barlap, synagdan geçirip görýär.

Adam ogly ot ýakmany öwrenip, otdan eline fakel – maşal alyp, garaňky hem sowuk dünýäde ýoluny ýagtyldyp, durmuşyny ýyladyp, ynsan ýoluna düşüpdi. Adam döräli bäri öz pikirini tug kimin göterip jedellere girýär, darkaşlara gatnaşýar, şeýdibem pikir kämilleşýär.

Şol sebäpli her zamanyň, her döwrüň öz pikiri, öz ýeten pikir derejesi bolýar!

Hakykat jedellerde döreýär.

Demirçi ussa islendik guraly ýasajak bolsa bir bölek demri körükde çym gyzyl edýär. Çym gyzyl bolup gyzaran demir mum-helim ýumşaýar. Ussa ýumşan demri çekiçläp özüniň isleýän guralyny ýasaýar. Ýaňadan otda çym gyzyl edibem jazyrdadyp suwa basyp, oňa başky demir berkligindenem has kämil berkligi berýär.

Kämillige barmak üçin ussanyň körüginde çym gyzyl gyzarmaly, ýenjilmeli, soň ýaňadan buz ýaly suwa girmeli!

Merjen Abdyllaýewa,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň buhgalteri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: