BIZE YAZYARLAR

Ösüşiň we özgerişiň ak ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen  ýurdumyzda örän uly tutumly işleriň başy başlanyp , il-günümiziň bähbidine gönükdirilen ýurt bähbitli işler amala aşyrylýar. Öňe sürülýän iri maksatnamalar, gurulýan desgalar özüniň döwrebaplygy bilen adamlary haýrana galdyrýar.
Biziň welaýatymyzda S.Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binasynyň gurlyşygyna badalga berilmegi Bilim syýasatynda alnyp barylýan işleriň has hem üns merkezindediginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilim ulgamynyň döwrebap maddy-tehniki binýadynyň gowulandyrylmagy ylym, okuw-usulyýet, terbiýeçilik we guramaçylyk taýdan ýurdumyzyň bilim ulgamyny düýpgöter täze derejä çykarar.
Hormatly Prezidentimiz Bilim ulgamynda alynyp barylýan işlere ünsi çekip onuň işlerini has hem ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belledi. Şu gün türkmen ýaşlary täzeçe pikir ýöretmeklik ukybyna eýe bolup, öz bilimleri, hünärleri, başarnygy bilen dünýäniň ösüşine sazlaşykly goşulmaly. Bu bolsa okuw terbiýeçilik işini täzeçe guramaklygyň ýollaryny we usullaryny talap edýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanda bilim özgertmesini çalt we netijeli durmuşa geçirmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap , täze multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, dürli derejedäki mekdepleriň, ýokary okuw jaýlarynyň gurulmagy giň gerim bilen dowam edýär. Her bir halkyň bilim-terbiýe we ylym-hünär derejesi şol halkyň bagtyýar geljeginiň kepilidir. Ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, ylymdan, hünärden ýüki ýetik, watansöýüji, ruhubelent, lebzi halal, ahlak taýdan arassa, syýasy taýdan düşünjeli bolup ýetişmekleri şol milletiň ýagty geljeginiň altyn basgançaklarydyr.

Maral EGAMOWA,
Darganata etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: