Ösüş depgini 58,6 göterime barabar
Geçen ýylyň alty aýy bilen deňeşdirilende üstümizdäki ýylyň geçen döwründe aragatnaşyk hyzmatlaryndan alnan girdeji 58,6% artdy. Başgaça aýdylanda, girdeji 29 million 570 müň manada barabardyr.
Ilatyň köp bölegi üçin elektron aragatnaşyk hyzmatlarynyň barha elýeterli bolmagy ösüş depgininiň ýokary bolmagyny şertlendirdi. Alty aýyň dowamynda bu hyzmatlaryň möçberi 5,4% artdy. Welaýatyň ýaşaýjylary internet ulgamynyň, kabel telewideniýesiniň hyzmatlaryndan höwes bilen peýdalanýarlar. Internet ulgamynyň hyzmatlarynyň sanynyň artdyrylmagy ondan peýdalanýanlaryň dürli amallary, şol sanda tölegleri öýjüki telefonyň ýa-da kompýuteriň üsti bilen amala aşyrmaga mümkinçilik aldylar.