«Türkmennebit» döwlet konserniniňiň «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda nebit berýän guýulardan döwlete tabşyrylan «gara altynyň» umumy möçberi 280 müň tonnadan hem köp boldy. Munuň özi şu ýylyň geçen ýedi aýynda nebit çykarmak babatda bellenilen meýilnamanyň 111 göterime golaý ýerine ýetirilendigini görkezýär. Gumdagly nebitçiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depginini 120 göterimden gowrak ýokarlandyrmagyň hem hötdesinden geldiler. Munuň özi önümçiligiň ösüş depgini babatda tutuş konsern boýunça degişli müdirlikleriň arasynda gazanylan iň ýokary netijedir.
Ösüş depgini 120 göterimden gowrak

12
Aug