Ösümlikler hakynda gyzykly maglumatlar
– Adam saglygyna zyýan ýetirýän zäherli ösümlikleriň häzirki wagtda ýer ýüzünde 10 müňden gowrak görnüşi bardyr.
– Bambuk agajy dünýäde iň çalt ösýän agaç bolup ol 24 sagadyň dowamynda 1 metre çenli ösüp bilýär.
– Dünýädäki miweleriň içinde iň peýdaly we ýokumly diýlip hasaba alnany awakado ösümligidir.
– Iň gadymy ösümlik deňiz suwotysydyr.
– Ýyldyrym urmaýan ýeke-täk agaç derek agajydyr. Arça, sosna, dub ýaly agaçlaryň ýyldyrym urmak howpy köp bolýar.
– Dünýä bazarynda iň gymmat ösümlik ýagy bu tebigy bägüliň ýagydyr. 1 litr bägül ýagyny almak üçin 3000 kg bägül ýapragy gerek bolýar.
– Meksikada, ABŞ-nyň Arizona ştatynda dünýäki iň uly kaktuslar bar bolup olaryň boýy 15metre, agramy bolsa 10 tonna çenli ýetýär.
– Bir uly agajyň bir ýylyň dowamynda bölüp çykarýan kislorody 3 adamyň birýyl dem almagyna ýetýar diýip alymlar çaklaýarlar.
KLYÇEW Dawud,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby